Sport ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça görkezme sapaklar
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde halkara federasiýalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda türgenler bilen sportuň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşleri boýunça (woleýbol, stol tennisi, ýaý atmak) ussatlyk görkezme çykyşlary guraldy. Şeýle-de halkara ýaryşlarynda sport meýletinçileriniň taýýarlygyny kämilleşdirmek, türgenleriň psihofiziki taýýarlygynda täze usullary ulanmak, uýgunlaşma bedenterbiýesi we sporty baradaky çykyşlar uly ähmiýete eýe boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport ylymlary birleşigine agzalyga goşulmagy we «Olimp» ylmy-usuly merkezini halkara akkreditasiýasyndan geçirmek, Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriniň halkara birleşiginiň çäklerinde, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Perm şäherindäki Milli barlag uniwersitetiniň ýokary ykdysady mekdebiniň Kognitiw neýro ylmy merkezi, Özbegistanyň Uýgunlaşma sport assosiasiýasynyň ýanyndaky hünärmenleri gaýtadan taýýarlaýan instituty bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu hyzmatdaşlyklar geljekde dünýä tejribesini özleşdirmekde we Türkmenistanda sport ylmynyň ösüşine mynasyp goşant bolar.
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat oňa gatnaşmaga gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekilleriniň hem özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaklary üçin möhüm meýdança öwrüldi. Halkara ylmy maslahat bedenterbiýe we sport ylymlarynyň ösüşine, halkara tejribäni paýlaşmaga, täze ylmy barlaglaryň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döretdi. Maslahatyň netijesinde bedenterbiýe we sport ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak, ylmy-barlaglaryň netijelerini amaly taýdan ulanmak, ýaş türgenleriň taýýarlygynda innowasion tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy boýunça birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň
sport žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.