Sport ylymlary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň täze ugurlary

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Hydyr Nunnaýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Sport ylymlary birleşiginiň (Spor Bilimleri Derneği) Halkara komitetiniň prezidenti, professor, doktor Fatma Neşe Şahiniň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň ýokary sport we bilim ulgamynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, şeýle hem institutdaky «Olimp» ylmy-usuly merkezini halkara akkreditasiýasyndan geçirmek meseleleri, şeýle-de, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Sport ylymlary birleşigine agza bolmagy boýunça başlangyç çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkiýeli myhman şu ýylyň 1–4-nji dekabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Erzurum şäherinde geçiriljek «Sport ylymlarynda sanlylaşdyrma» atly halkara ylmy maslahata Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport ulgamynyň wekillerini, şol sanda institutyň professor-mugallymlaryny gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşykda şeýle hem, Türkmenistanyň sport ylymlarynda halkara ylmy indekslenme ulgamlaryny (SCOPUS, SCOPUS Global Citation, Web of Science, EBSCO, Google Scholar) ösdürmek, şeýle hem milli ýygyndy toparlaryň türgenleri bilen geçirilýän ylmy barlaglaryň netijelerini halkara tejribe bilen deňeşdirmek boýunça meselelere seredildi.
Sport ylymlary birleşigi (Spor Bilimleri Derneği) — Türkiýäniň bedenterbiýe we sport ulgamynda öňdebaryjy ylmy jemgyýetleriniň biridir. Gurama sport ylymlarynyň milli we halkara derejesindäki ösüşine ýol açmak, ylmy maglumatlary ýaýratmak we ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryny daşarky hil kepillendirme (akreditasiýa) ulgamynyň talaplaryna laýyklykda ösdürmek ugrunda işler alyp barýar. Birleşik 1990-njy ýyllaryň başlarynda döredilip, şu günki güne çenli Türkiýede we dünýäde sport bilimi boýunça iň abraýly guramalaryň biri hökmünde ykrar edilýär. Gurama ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň we halkara institutlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm orny eýeleýär.
Häzirki zaman bedenterbiýe we sport ylymlarynyň ýyldyzy bolan professor, doktor Fatma Neşe Şahin sport fiziologiýasy, saglyk, hereketiň täsiri, bedenterbiýäniň pedagogik esaslary we zenanlaryň sportdaky orny boýunça halkara derejesinde ykrar edilen alymdyr. Onuň ylmy görkezijileri giň halkara täsirini görkezýär: 157 ylmy makalanyň awtory, olardan 35-si Web of Science, 42-si Scopus bazalarynda ýerleşdirilendir. Scopus boýunça 633 salgylanma, WoS boýunça 534 salgylanma (H-indeks 15), Google Scholar boýunça 1587 salgylanma (H-indeks 23). Alym zenan birnäçe halkara simpoziumlara, ylmy žurnallaryň redaksiýa geňeşlerine hem-de Halkara Bedenterbiýe we sport federasiýasynyň (FIEPS) Ýewropa Kongressine, Ankara uniwersitetiniň Sport ylymlary fakultetiniň tälimçilik bilimleri kafedrasyna, şeýle-de şol ýerde Erasmus+ we Farabi maksatnamalaryna ýolbaşçylyk edýär.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47