Türkmenistanyň kikboksing boýunça türgenleri dünýä kubogynda üstünlikli çykyş etdiler
2025-nji ýylyň 7–12-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde kikboksing boýunça dünýä kubogy geçirildi. Bu iri halkara ýaryşa dünýäniň 38 ýurdundan 2300-e golaý türgen gatnaşdy.
Türkmenistanyň Milli hem-de ýaşlar ýygyndy toparlarynyň türgenleri hem bu halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdylar. Olar jemi 12 medal – 1 altyn, 2 kümüş hem-de 9 bürünç medala mynasyp boldular. Şol sanda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyplary Kerwennazar Halnaýew we Eziz Meredow 3-nji orny we bürünç medallary eýelediler.
Türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary milli sportumyzyň, türgenleriň taýýarlyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, şeýle hem ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we
sport institutynyň Ylym bölümi.