Täze okuw kitaplary – şanly toýa sowgat

«Mekdebe taýýarlyk toparyň bedenterbiýesi» atly okuw kitaby (awtorlary: Orazmuhammet Geldiýew, Tawus Meredowa, Jeren Durdyýewa)
«Mekdebe taýýarlyk toparyň bedenterbiýesi» atly okuw kitaby mekdebe çenli ýaşly çagalaryň ýaş we psihofiziologik aýratynlyklary, çagalar bagynyň uly toparyndaky çagalaryň beden taýdan ösmegi, saglygyna bolan talaplaryň artmagy, beden ukyp-başarnyklaryny ösdürmekdäki nazary bilimleri baradaky düşünjeleri öz içine alýar. Körpe çagalarda sportuň dürli görnüşleri boýunça hereketleri öwretmegiň usulyýetini düşündirýär. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda işlenilip taýýarlanylan bu okuw kitaby bedenterbiýe mugallymlary, çagalar baglarynyň terbiýeçileri we degişli hünärmenler hem-de bu ugur boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenildi.
«Halkara sport hereketi» atly okuw kitaby (awtorlary: Allamyrat Goçow, Annamuhammet Serhenow, Jennet Hanowa, Alty Garýagdyýew)
Bu okuw kitabyndan halkara olimpiýa hereketi, halkara sport guramalary, sport görnüşleriniň ösüşiniň taryhy, spartakiadalar we olaryň ähmiýeti, paralimpiýa hereketi, bedenterbiýe-sport baýramçylyklary we festiwallar, halkara köpçülikleýin sagaldyş çäreleri, dünýä çempionatlary, Aziýa oýunlary we çempionatlary, Türkmenistanda halkara sport hereketleriniň kemala gelmegi, talyplaryň halkara sport hereketleri, türkmen milli göreşi we onuň taryhy, dünýä rekordsmenleri we ýyldyz türgenleri barada gerekli maglumatlary alyp bolar. Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünär derejesini kämilleşdirijileri üçin niýetlenilýär.
«Sportda saýlap-seçip almak» atly okuw kitaby (awtorlary: Aşyrmuhammet Gurbanmämmedow, Maksatmuhammet Orazdurdyýew, Jeren Durdyýewa, Alty Garýagdyýew, Allamyrat Goçow)
Bu okuw kitaby Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň okuw meýilnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, onda sportda saýlap-seçip almagyň usulyýeti, barlaglaryň görnüşleri we häzirki zaman düşünjeleri umumylaşdyrylýar. Sportda saýlap-seçip almakda türgenleşigiň has çylşyrymly, gapma-garşylykly ýagdaýlary aýratyn seljerilip, alnan maglumatlary amalyýetde ulanmagyň anyk ýollary giňişleýin beýan edilýär. Okuw kitabynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türgenleri sportda saýlap-seçip almagyň usulyýeti, barlaglaryň görnüşleri umumylaşdyrylyp, takyk bir ulgama getirilipdir. Şeýle-de sportda saýlap-seçip almagyň usulyýeti barlaglaryň görnüşleriniň, ylmy edebiýatlaryň, takyk we anyk kadalaryň, maglumatlaryň esasynda baýlaşdyrylyp, giňişleýin seljerme berilýär. Bu okuw kitabynyň sportda saýlap-seçip almagyň dürli ýurtlarda ulanylan barlaglaryň usulyýetiniň öwrenilişi, türgenleşik işini dolandyrmakda we ýokary okuw mekdepleriniň okuw işlerinde peýdalanmakda gymmatly çeşme bolup hyzmat etjekdigi bellärliklidir.
«Bedenterbiýäniň, sportuň etikasy we estetikasy» atly okuw kitaby (awtory: Jeren Gurbanowa)
«Bedenterbiýäniň, sportuň etikasy we estetikasy» okuw kitabynda bedenterbiýäniň, sportuň etikasy we estetikasy ylmynyň, toplanan amaly iş tejribesiniň nukdaýnazaryndan etiki we estetiki terbiýäniň gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli ösüşi açylyp görkezilýär. Kitaba sport estetikasynyň öwrenýän meseleleri, sport estetikasynyň döremeginiň we ösmeginiň sebäpleri, etikanyň esasy meseleleri, umumy wezipeleri, ahlak kadalary, sportuň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary, etika we milli edep kadalary barada materiallar girizildi. Okuw kitabynda etiki we estetiki terbiýäniň mazmuny we tärleri barada dürli ýörelgeler, düşünjeler, garaýyşlar, etiki we estetiki terbiýe boýunça hünär, amaly iş orta we ýokary hünär biliminiň düzümindäki okuw dersi hökmünde seredilýär. Bu okuw kitaby Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary, Türkmenistanyň sport mekdepleriniň tälimçileri we orta mekdepleriniň bedenterbiýe mugallymlary üçin niýetlenendir.
«Bedenterbiýe we sport hünärmeniniň ussatlygy» atly okuw kitaby (awtorlary: Orazmuhammet Geldiýew, Jeren Durdyýewa, Meretguly Ýaýlymow, Tawus Meredowa)
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professory, pedagogika ylymlarynyň doktory O.Geldiýew, uly mugallymy J.Durdyýewa, mugallymlary M.Ýaýlymow, T.Meredowa tarapyndan taýýarlanylan «Bedenterbiýe we sport hünärmeniniň ussatlygy» atly okuw kitaby ýurdumyzyň ýokary okuw, orta we ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň mugallymlary, tälimçileri, talyplary, bedenterbiýe we sport ulgamynda işleýän hünärmenler hem türgenler üçin niýetlenendir. Bu okuw kitaby geljekki bedenterbiýe we sport hünärmenleri jemgyýetiň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan bedenterbiýe ulgamy, bedenterbiýe hünärmeniniň hünärmençilik işleriniň ugurlary, bedenterbiýe hünärmenleriniň işleriniň görnüşleri, hereket işjeňligi, bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti, bedenterbiýäniň mazmuny, bedenterbiýäniň we sportuň serişdeleri, usullary, bedenterbiýäniň esaslary, mekdepde bedenterbiýe sapaklaryny guramagyň görnüşleri, ahlak we zähmet terbiýesi, mekdepde mugallymçylyk tejribeligi, pedagogik ussatlyk we okuwçy bilen pedagogik aragatnaşyk barada peýdaly maglumatlary alyp bilerler.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we 
sport institutynyň Ylym bölümi.

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47