Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» 14-19-njy aprelinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we sport mekdeplerinde türgenleşik geçýän ýaşlaryň arasynda «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bedenterbiýe we sportuň görnüşleri boýunça bäsleşiklere badalga berildi. Sporta saýlap-seçip alyş bäsleşikleri 2025-2026-njy okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary institut bilen tanyşdyrmak we ýaşlary sporta ugrukdyrmak üçin «Açyk gapylar» günleriniň çäklerinde yglan edildi.
Bäsleşikler 2025-nji ýylyň 14-19-njy aprel aralygynda tapgyrlaýyn görnüşde sportuň dürli ugurlary boýunça: 14-15-nji aprelde - umumy beden taýýarlygy we sportuň tizlik-güýç alamatly görnüşleri boýunça, 16-17-nji aprelde - sportuň oýun görnüşleri, 18-19-njy aprelde - sportuň göreş görnüşleri boýunça geçirilýär. Bäsleşiklere gatnaşmaga isleg bildiren ýurdumyzyň orta okuw we sport mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda halkara, döwlet, welaýat we etrap derejesinde geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolanlar hem hasaba alyndy.
Bedenterbiýe we sportda zehinler bäsleşigine 600-e golaý ýaşlar gatnaşmaga isleg bildirdiler. Bäsleşiklere gatnaşmaga isleg bildirýänler QR-kod ulgamynyň kömegi bilen ýa-da www.tdbsi.edu.tm resmi web saýtynyň ýörite bölümi arkaly onlaýn sowalnama doldurýarlar. Gutardyş synpda okaýan «Zehinli ýaşlar – türgenleriň täze nesli» atly bäsleşikde ýokary netijeleri görkezen, bedenterbiýe we sport taýýarlygy ýokary bolan okuwçylara Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler dörediler.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

Paýlaş

Salgymyz:

744013, Aşgabat şäheri, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40-njy jaý.
744013, Ashgabat city, Saparmurat Turkmenbashi Ave., house 40.
744013, город Ашхабад, пр. Сапармурата Туркменбаши, дом 40.

Telefon belgiler:
+99312 22-65-47